«Kaýrat» Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji baýragyny gazandy

«Kaýrat» Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji baýragyny gazandy

«Kaýrat» kluby Gazagystanyň Kubogynyň final duşuşygynda «Şahtýordan» üstün çykyp, Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji baýragyny gazandy. Duşuşygyň esasy wagty deňme-deňlikde tamamlandy, ýeňiji 11 metrlik jerime urgularynda belli boldy — 3:3 (4:3 pen.).

«Kaýrat» ýurduň esasylygy boýunça ikinji ýerde durýan baýragyny gazandy. 2019-njy ýylda Kubogy «Kaýsar» aldy, 2020-nji ýylda bolsa ýaryş geçirilmedi.

6-njy minutda «Kaýrat» braziliýaly hüjümçisi Wagner Lawyň tagallalary bilen öňe saýlandy. arakesmä çykmazdan öň Law  dubl etdi. Bu duşuşyk braziliýaly futbolçy üçin türkmen hünärmeniniň ýolbaşçylygyndaky hoşlaşyk duşuşygy boldy.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda «Şahtýor» iki gol salyp, oýny goşmaça wagta geçirmegi başardy. Goşmaça wagtda hatda öňe saýlanmagyň hem hötdesinden geldi. «Şahtýoryň» düzüminde Gabyşew (48-nji min.), Toşew (75) we Tagtybaýew (97) tapawutlandy.

Goşmaça wagtyň tamamlanmagyna on minut galanda «Kaýrat» Şuşenaçewiň tagallalary bilen hasaby deňledi we oýny 11 metrlik jerime urgular tapgyryna geçirdi. Netijede Berdiýewiň şägirtleri urgulary garşydaşyndan has dürs ýerine ýetirdiler.

Belläp geçsek, «Kaýrat» üçin bu baýrak Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky ilkinji baýrakdyr. Almataly klub ýurduň Kubogyny almakda rekord eýesidir — bu eýýäm onunjy ýeňiş. «Şahtýor» Kubogy bary-ýogy bir gezek gazanyp gördi.