YHG ýurtlarynyň Ýokary wezipeleri şahslary Aşgabatda ýüzbe-ýüz duşuşdylar

YHG ýurtlarynyň Ýokary wezipeleri şahslary Aşgabatda ýüzbe-ýüz duşuşdylar

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen tarapynyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza ýurtlarynyň Ýokary wezipeli şahslarynyň mejlisi geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew ýolbaşçylyk etdi.

Çäräniň gün tertibine Ministrler Geňeşiniň 25-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri, YHG-nyň Baş sekretarynyň hasabatyna hem-de YHG-nyň sebitleýin taslamalary boýunça tekliplere (2021-2022-nji ýyllar), YHG-nyň Geljeginiň 2025: Ösüş we baha bermek atly Orta möhletli synyna seretmek, şol sanda YHG-nyň arassa energiýa boýunça Merkeziniň döredilmegi baradaky Hartiýasynyň kabul edilmegi ýaly ugurlar girizildi. Şeýle hem Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli nobatdaky sammitiň hem-de Ministrler Geňeşiniň mazmun taýdan baýlaşdyrylmagy hem ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugurlarynyň hatarynda boldy.
Mejlisde guramanyň Sekretariatynyň administratiw we maliýe meselelerine, hususan-da,  YHG-nyň Sekretariatynyň 2022-nji ýyl üçin býujetine garaldy.
YHG-nyň nobatdaky 15-nji sammitine görülýän taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, mejlise gatnaşyjylar ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibiniň, Hereketleriň Aşgabat ylalaşygynyň, şonuň ýaly-da çäräniň barşynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalary boýunça pikir alyşdylar.