BSGG: pandemiýalara taýyn bolmak üçin sanjymlary çykarmak boýunça tor döretmeli

BSGG: pandemiýalara taýyn bolmak üçin sanjymlary çykarmak boýunça tor döretmeli

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus geljekki epidemiýalara we pandemiýalara taýýarlyk görer ýaly adamzada zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda sanjymlaryň we beýleki dermanlaryň önümçiligini ýola goýmak üçin planetanyň dürli sebitlerinde kärhanalar toruny döretmek gerek bolar diýip hasaplaýar. Ol bu barada Ženewada BSGG agza döwletleriň wekilleri üçin geçirilen brifingde aýtdy diýip, TASS habar berýär. 

“Geljekde dürli sebitlerde iň täze tehnologiýalary ulanyp, epidemiýalara we pandemiýalara garşy göreşmek üçin sanjymlaryň we dermanlaryň önümçiliginiň çalt ýola goýulmagyny üpjün edýän önümçilik meýdançalarynyň tory gerek bolar” – diýip, baş direktor belledi.  

Ol 29-njy noýabr – 1-nji dekabrda Ženewada geçiriljek Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň ýörite sessiýasynyň “COVID-19-yň täsirine sezewar bolan global saglygy goraýyş arhitekturasyny goramak üçin dowamly we taryhy şertnamany baglaşmaga” mümkinçilik berýändigini ýatlap geçdi. Gebreýesusyň aýtmagyna görä, häzirkizaman dünýäsinde dürli howplara garşy durmak üçin köp sanly şertnamalar bar we häzir “pandemiýalar bilen bagly şertnamany işläp düzmegiň wagty geldi”.

Gebreýesus BSGG-niň ýurtlaryny indiki hepdedäki ýörite sessiýada “raýdaşlyk ruhuny, ylalaşyk gazanmak islegini we dünýäni geljekki nesiller üçin has howpsuz etmäge meýilliligi” görkezmäge çagyrdy.