25-nji noýabr: Türkmenistanda howa +21° çenli maýlaýar

25-nji noýabr: Türkmenistanda howa +21° çenli maýlaýar

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 25-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär. 

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +9°, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 746 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 16 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +10°, gündizine +9... +14°, kenarýaka etraplarynda +4... +9° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 761 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Awazada: howa +6... +8°, basyşy 770 mm, çyglylygy 70 — 90%.
Balkanabat şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 767 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +11°, gündizine 8... +13°, günorta-gündogar etraplarynda +17° çenli maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 745 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Tejen şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 750 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +12°, gündizine +15... +20° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +16... +18°, basyşy 745 mm, çyglylygy 45 — 65%.
Baýramaly şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 744 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +11°, gündizine +16... +21°, demirgazyk etraplarynda +10... +15° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 746 mm, çyglylygy 45 — 65%.
Kerki şäherinde: howa +19... +21°, basyşy 741 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +9°, gündizine +5... +10° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 755 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Köneürgenç şäherinde: howa +5... +7°, basyşy 757 mm, çyglylygy 65 — 85%.