Şekerden doly ýüz öwürmek bedene nähili täsir edýär?

Şekerden doly ýüz öwürmek bedene nähili täsir edýär?

Şeker nä derejede zyýanly? Ondan doly ýüz öwürmek bedene nähili täsir eder? Bular dogrusynda vc.ru sahypasyna salgylanyp, TmCars.info lukmanyň maslahatlaryny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Endokrinolog Robert Lastig Kaliforniýa uniwersitetinde eden çykyşynda şekeriň saglyk bilen bagly köp sanly meseleleriň döremegine sebäp bolýandygyny aýtdy. Bu önüm bedeniň madda çalşygyny bozýar we ýürek-damar ulgamynyň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär. Mundan başga-da, şekeriň adamda bu önüme garaşlylygy oýarýandygy hem aýdylýar.
Şekeriň yzygiderli kabul edilmegi tutuş bedene, onuň ähli ulgamlaryna zyýan ýetirýär. Şeýle bolansoň, şekerden ýüz öwürmek islendik ýagdaýda saglyga oňyn täsir eder.

Iýmitiň düzüminden şekeri aýyrsaň näme bolar?

  • Gan damarlarynyň we ýüregiň ýagdaýy gowulaşar.
  • Bedeniň agramy we madda çalşygy kadaly ýagdaýa geler.
  • Deriniň we tutuş organizmiň garramagy haýallaşar.
  • Düwnük keseliniň döremek ähtimallygy azalar.
  • Adamyň keýpi ýokarlanar we aň-bilim ukyby artar.