ABŞ-nyň käbir ştatlary Google-y suda bermäge synanyşarlar

  • 17.11.2021 23:47
  • 5k+
ABŞ-nyň käbir ştatlary Google-y suda bermäge synanyşarlar

ABŞ-nyň ştatlarynyň birnäçesi Tehasyň ýolbaşçylygynda Google-yň esasy kompaniýasy bolan Alphabet Inc-e garşy düzedilen arza berdi. Tehnologiýa ägirdi, ozalam güýçli bolan mahabat işini ösdürmekde mejbur ediji usullary ulanmakda we monopoliýa garşy kanunlary bozmakda aýyplanýar. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, ferra.ru habar berýär.

Bu Google-yň garşysyna gozgalan monopoliýa garşy ilkinji kazyýet işi däl. Ýakynda kompaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň monopoliýa garşy kararyna eden şikaýaty ret edildi. ABŞ-nyň düzediş girizilen şikaýatynda Google-yň onlaýn mahabatda bäsdeşligi çäklendirmäge çalyşýandygy bellenilýär.

Şeýle hem şikaýatda Google-yň “Project Bernanke” atly gizlin programmasy hakynda hem aýdylýar. Onuň çäklerinde kompaniýanyň öz mahabat hyzmatlarynyň bähbidi üçin mahabat berijilerden toplanan eksklýuziw söwda maglumatlaryny ulanandygy nygtalýar.


20.11.2024 15:53
13k+

Google Play 2024-nji ýylyň iň gowy programmalaryny we oýunlaryny yglan etdi

Google ABŞ-da dürli kategoriýalarda şu ýylyň iň öňdebaryjy programmalaryna, oýunlaryna we kitaplaryna berilýän 2024-nji ýylyň Google Play’s Best baýragynyň ýeňijilerini yglan etdi. Kompaniýa 2024-nji ýylda Google...

20.11.2024 12:13
1.4k+

Gmail hakyky poçta salgysyny toslanan salgy bilen gizläp, spama garşy göreşer

Google kompaniýasy Gmail-e “Goragly elektron poçtasy” (Shielded Email) ady bilen täze funksiýany girizmegi meýilleşdirýär. Ol ulanyjylara wagtlaýyn ýa-da bir gezeklik salgylary döretmek arkaly hakyky poçta salgysyny...

19.11.2024 08:02
2k+

Google Ýeriň ionosferasyny karta salmak üçin 40 million smartfon ulandy

"Google" kompaniýasynyň gözlegçileri atmosferanyň ýokarky gatlagy bolan ionosferany karta salmak üçin 40 million ykjam enjamdan maglumatlary ulandy. Bu maglumatlar infrastruktura ýeterlik däl sebitlerde hemra nawigasiýasynyň...

18.11.2024 22:06
2.1k+

Android enjamlary AI ulanyp zyýanly programmalary kesgitläp başlarlar

Google öz blogunda Android enjamlary üçin täze howpsuzlyk funksiýalary barada gürrüň berdi. Live Threat Detection ulgamy emeli aňyň kömegi bilen hakyky wagtda programmalaryň işjeňligini barlap, olaryň zyýanlylaryny...