Berdimuhamedow türkmen halkyny Hasyl toýy bilen gutlady

Berdimuhamedow türkmen halkyny Hasyl toýy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde uly dabara bilen bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli türkmen halkyny we daýhanlary gutlady. Bu baýram halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen Lideri Gutlagynda: «Siziň çekýän tutanýerli zähmetiňiziň netijesinde bereketli türkmen topragynda oba hojalyk ekinleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygy has-da berkidilýär. Eziz Diýarymyzyň ähli ugurlarda ýokary ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanasynda siziň tutanýerli, halal zähmetiňizden bol hasyl eçilýän bereketli türkmen topragynyň, edermen daýhanlarymyzyň zähmet ýeňişleriniň şanyna tutulýan Hasyl toýy halkymyzyň iň buýsançly baýramlarynyň biridir» diýmek bilen, daýhanlaryň ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge  mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny belledi.