Türkmenistanyň goranmak ministri Moskwada geçirilen duşuşyga gatnaşdy

Türkmenistanyň goranmak ministri Moskwada geçirilen duşuşyga gatnaşdy

Moskwa şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine girýän döwletleriň goranmak ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşygyň gün tertibinde goranmak we howpsuzlyk pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleriniň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Azerbaýjan Respublikasynyň goranmak ministri Zakir Gasanow, Ermenistan Respublikasynyň goranmak ministri Arşak Karapetýan, Belarus Respublikasynyň goranmak ministri Wiktor Hrenin, Gazagystan Respublikasynyň goranmak ministri Murat Bektanow, Gyrgyz Respublikasynyň goranmak ministri Baktybek Bekbolotow, Türkmenistanyň goranmak ministri Begenç Gündogdyýew, Özbegistan Respublikasynyň goranmak ministri Bahodir Kurbanow, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysy Sergeý Lebedew, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň goranmak ministrleriniň Geňeşiniň sekretary Ýuriý Daşkin gatnaşdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar GDA agza ýurtlaryň goranmak ministrleriniň geňeşiniň 2022-nji ýyldaky iş meýilnamasyny tassykladylar, şeýle-de maliýe we ykdysady meseleler boýunça birnäçe kararlary kabul etdiler.