Magtymguly etrabynda stasionar-ambulatoriýa hassahanasy açyldy

Magtymguly etrabynda stasionar-ambulatoriýa hassahanasy açyldy

10-njy noýabrda Magtymguly etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen lukmançylyk desgasy saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman düzüminiň üstüni ýetirdi. Bu desga 50 näsagy stasionar usulda hem-de 30 näsagy ambulatoriýa usulynda bejermäge niýetlenen täze hassahanadyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hassahananyň açylyş dabarasynda çykyş edip, türkmenistanlylaryň saglygyny goramagyň, şäherlerde hem, oba ýerlerinde hem ilatyň ýokary hilli, halkara ölçeglere kybap gelýän lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etmegiň hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarylandygyny belledi.

Iki gatly binalar toplumyndan ybarat bolan bu hassahana Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Awstriýanyň, Türkiýäniň, Polşanyň, Şwesiýanyň, Ispaniýanyň, Slowakiýanyň, Belgiýanyň, Niderlandlaryň, ABŞ-nyň we Koreýa Respublikasynyň dünýä belli kompaniýalarynyň iň täze ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleri üçin ähli şertler döredildi.

Hassahanada kabul ediş, maslahat beriş, funksional-anyklaýyş, iç keselleri, çaga keselleri, tiz kömek we beýleki bölümler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem onuň düzümine barlaghana we gan banky girýär.

Operasiýa bölümi Germaniýanyň «Olympus» kompaniýasynyň «Various» monitorly laparoskop enjamy bilen enjamlaşdyryldy, ol garyn boşlugynyň agzalarynda az şikesli operasiýalary geçirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Fizioterapiýa bölüminde oturdylan owkalama sekileri, el-aýaklaryň iri we ownuk bogunlarynyň çeýeligini dikeltmek üçin enjam, wakuum, elektrik, magnit — mikroyrgyldyly we lazer terapiýasy üçin enjamlar operasiýalardan, şikes ýetmelerinden soňra näsaglaryň sagalmagyna, zähmet ukyplylygyny çalt dikeltmäge, maýyplygyň öňüni almaga niýetlenendir.