Amerikanyň Uber kompaniýasy soňky 12 ýylda ilkinji gezek girdeji gazandy

Amerikanyň Uber kompaniýasy soňky 12 ýylda ilkinji gezek girdeji gazandy

IT ägirtleriniň biri hasaplanýan Uber amerikan kompaniýasy 2009-njy ýylyň mart aýynda esaslandyryldy, şondan bäri ahyrsoňy ilkinji gezek - 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda çärýekleýin girdejisini hasaba almagy başardy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Şeýlelik bilen, degişli çykdajylaryň ählisi hasapdan aýrylandan soň kompaniýanyň özüne 8 million dollar girdeji galdy. Deňeşdirmek üçin bellesek, 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde kompaniýa diňe 625 million dollar ýitgini hasaba alypdy.

Gyzykly ýeri, munuň bilen birlikde Uber restoranlardan we kafelerden azyk önümlerini eltip bermek hyzmatyndan gelen ilkinji girdejisini yglan etdi. Kompaniýanyň wekilleriniň pikiriçe, indiki nobatda dükanlardan azyk önümleri eltip bermek hyzmaty hem ýitgilerden halas bolar.

Korporasiýanyň ýolagçylaryň awtoulaga garaşýan wagtyny gysgaldyp bilendigini bellemek gerek. 2021-nji ýylyň martynda ýolagçylar awtoulaga, takmynan, 7 minut garaşýan bolsalar, indi bu görkeziji bary-ýogy 5 minuda çenli azaldy diýip, çeşme ýazýar.