Gyrgyzystan mazut we kömür ulanmakdan doly ýüz öwürmegi meýilleşdirýär

Gyrgyzystan mazut we kömür ulanmakdan doly ýüz öwürmegi meýilleşdirýär

Gyrgyzystan Respublikasynyň prezidenti Sadyr Žaparow 1-nji noýabrda dünýä liderleriniň sammiti üçin Glazgo eden iş saparynyň dowamynda Islandiýanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Katrin Ýakobsdouttir bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda döwlet baştutany Islandiýa tarapy bilen birnäçe ugurda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdi. Bu barada Gyrgyzystanyň baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär diýip, centralasia.news belleýär.

Taraplar Gyrgyzystanyň gidroenergetika pudagynda bar bolan uly potensialyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Häzirki wagtda bu potensialyň diňe 15 göteriminiň ulanylýandygyny bellemek bilen, Žaparow geljekde ýurtda 200-e golaý kiçi gidroelektrik stansiýasyny we 30 sany uly GES-i gurmagyň mümkindigini aýtdy.

– Eger-de biz bu gidroelektrik stansiýalaryny gursak, Gyrgyzystan elektrik energiýasyna doly geçip, mazut ýa-da kömür ulanmakdan ýüz öwrüp biler. Biz 2040-njy ýyla çenli bu maksatlara ýetmek isleýäris – diýip, döwlet baştutany aýtdy.

Öz gezeginde Islandiýanyň premýer-ministri öz ýurdunyň Gyrgyzystan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, islandiýaly hünärmenleriň gidroenergetika pudagyndaky tejribelerini Gyrgyzystan bilen paýlaşyp biljekdigini belledi.