“Forbes” aradan çykan iň baý meşhur adamlaryň sanawyny düzdi

“Forbes” aradan çykan iň baý meşhur adamlaryň sanawyny düzdi

“Forbes” reýting agentligi dünýäden öten iň baý meşhur adamlaryň sanawyny hödürledi. Olar ýogalansoň hem gazanç etmegi dowam etdirýärler. Ähli aradan çykan meşhur adamlaryň şu ýyl umumy girdejisi iki esse artyp, 1 mlrd dollara ýetdi diýip, nation-news.ru habar berýär. Bu sanawda birinji orny britaniýaly çagalar ýazyjysy Roald Dal eýeledi. Onuň eserleri Netflix akym hyzmaty olara hukuk satyn alandan soň ýene girdeji getirip başlady. Şertnamanyň bahasy 700 mln dollardan gowrak boldy. Dal 1990-njy ýylda 74 ýaşynda rak keselinden ýogaldy. 

Ikinji orunda amerikaly sazanda Prins ýerleşdi. Merhumyň garyndaşlary onuň mirasynyň 43%-ini satyp, 230 mln dollar gazandylar. Üçünji orny 75 mln dollar girdeji bilen Maýkl Jekson eýeledi. Soňky sekiz ýylyň dowamynda bu sanawda hut ol birinji orny eýeleýärdi. Artistiň Mijac Music leýbli 30 mln dollar maýa goýumy özüne çekdi, onuň diskografiýasy bolsa dürli akym meýdançalarynda 1,3 mlrd gezek diňlenildi.

Şeýle-de, reýtinge Çarlz Şuls (40 mln dollar), Lukman Sýuz (35 mln dollar), Bing Krosbi (33 mln dollar), Elwis Presli (30 mln dollar), Bob Marli (16 mln dollar), Jon Lennon (12 mln dollar) we beýlekiler girdi.

Reýtingde 2020-nji ýylyň 30-njy oktýabryndan 2021-nji ýylyň 30-njy oktýabry aralygyndaky girdejiler göz öňünde tutuldy. Awtorlar sanawy marketing gözleg maglumatlary we pudagyň insaýderleri bilen geçirilen interwýularyň esasynda düzdüler.