Azmun dünýäniň iň gowy futbolçysy diýen ada dalaş edýär

Azmun dünýäniň iň gowy futbolçysy diýen ada dalaş edýär

Futbol Taryhynyň we Statistikanyň Halkara Federasiýasyna (IFFHS) görä, "Zenitiň" we Eýranyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Serdar Azmun dünýäniň iň gowy oýunçysy diýen baýraga dalaşgärlik edýär. Dalaşgärleriň sanawynda 32 oýunçy bar. Bu barada sport-express.ru habar berýär.

Baýragyň ýeňijisi noýabr aýynyň ahyrynda yglan ediler. 2020-nji ýylda dünýäniň iň gowy oýunçysy hökmünde Robert Lewandowski saýlanypdy.
Azmun 2021-nji ýylda "Zenit" üçin 23 oýun oýnap, 16 gol geçirdi. Şeýle hem, ol topar bilen RPL-iň çempiony we Russiýanyň Super kubogynyň eýesi boldy. 2021-nji ýylda ol Eýranyň milli ýygyndysy üçin 7 oýunda 4 gol geçirmegi başardy.
“Transfermarkt.ru” portaly eýranly hüjümçiniň bahasyny 25 million ýewro diýip çaklaýar.