Mary welaýatynyň gallaçylary üçünji bolup bugdaý ekişini tamamladylar

Mary welaýatynyň gallaçylary üçünji bolup bugdaý ekişini tamamladylar

Mary welaýatynyň ekerançylary hem güýzlük bugdaý ekişini üstünlikli tamamladylar. Welaýat boýunça ekiş geçirilen 170 müň gektar meýdandan 345 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Ekiş möwsüminde tehnikalaryň uly toplumy peýdalanyldy, öz wagtynda göwnejaý özleşdirilen hem-de dökünler bilen iýmitlendirilen meýdana bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşleri ekildi, olardan bu sebitiň toprak-howa şertlerinde bol hasyl ýetişdirilýär. Häzirki güne çenli ekiş geçirilen meýdanlaryň aglaba böleginde eýýäm gögeriş alyndy hem-de olara ideg etmek işleri ýaýbaňlandyryldy. Ekerançylar ilkinji ösüş suwuny bermäge hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmäge guramaçylykly girişdiler.

Ýeri gelende bellesek, Lebapda we Ahalda eýýäm bugdaýyň geljekki hasylynyň binýadyny goýmak boýunça möwsümiň ilkinji tapgyry üstünlikli tamamlandy.