Türkmen Lideri 26-njy nebit we gaz forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Türkmen Lideri 26-njy nebit we gaz forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli Gutlag hatyny iberdi. Bu forum Aşgabatda indi 26-njy gezek geçirilýär.

Gutlagda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlary bilen dünýä jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmak we bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak üçin her ýyl geçirilýän halkara maslahatyň energiýa serişdelerini gözläp tapmakda, özleşdirmekde we pudagyň işiniň halkara ülňülere laýyk gelmeginde ähmiýeti uludyr.

«Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän döwletleriň biri bolmak bilen, bu serişdeleri daşary ýurtlara ibermegiň durnukly halkara ulgamlaryny döretmegiň tarapdarydyr. Eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ösen köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek Garaşsyz döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup durýar» diýip, türkmen Lideri Gutlagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň sebitde durnukly ösüşi we parahatçylygy berkitmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirýär.