Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri ikiçäk görnüşde duşuşyk geçirdiler

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri ikiçäk görnüşde duşuşyk geçirdiler

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, akorda.kz habar berýär.

Ýokary derejeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy Garaşsyzlyk meýdançasynda geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň döwlet senalary ýaňlandy. Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew hormat garawulynyň hatarlaryndan geçip, birek-birege resmi wekiliýetleriň agzalaryny tanyşdyrdylar.

Dabara tamamlanandan soň, ikiçäk görnüşde duşuşyklar geçirildi. Söhbetdeşler dostlukly, ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň eýe bolan mümkinçilikleriniň hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem taraplar ählumumy we sebit gün tertibiniň meselelerini maslahatlaşdylar.

Gazagystanyň Prezidenti türkmen kärdeşine Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.