Hytaýa eksport edilýän türkmen gazynyň bahasy 23,9% ýokarlandy

Hytaýa eksport edilýän türkmen gazynyň bahasy 23,9% ýokarlandy

Türkmenistandan Hytaýa iberilýän «mawy ýangyjyň» bahasy 2021-nji ýylyň geçen ýedi aýynda 23,9% ýokarlandy. Bu maglumatlary Wedomosti neşiri Wood Mackenzie kompaniýasyna salgylanyp habar berýär.

Iýul aýynda türkmen tebigy gazynyň bahasy müň kub metri üçin 238 dollara bardy. Ýylyň başynda onuň bahasy 192 dollardy. Energiýa geçirijilileriniň dünýä boýunça bahalarynyň birnäçe esse ýokarlanan döwri bolan Awgust-oktýabr üçin maglumatlar heniz neşir edilmedi.

Ýatlatsak, Türkmenistan gaz geçiriji arkaly HHR-e tebigy gaz ibermekde lider bolmagynda galýar. Iýul aýynda Türkmenistan Hytaýa 2,77 mlrd kub metr tebigy gaz iberdi.

2021-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda Türkmenistan tebigy gazyň eksportyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 37% artdyrdy. Ýanwar-awgust aýlarynda ýurdumyz daşary ýurtlara 31 milliard kub metr tebigy gaz iberdi. Bu bolsa, geçen ýylky bilen deňeşdirilende 8,3 mlrd köpdür.