Gazagystan 2022-nji ýylda GDA döwletleriniň bilim pudagynda hyzmatdaşlyk Geňeşine ýolbaşçylyk eder

Gazagystan 2022-nji ýylda GDA döwletleriniň bilim pudagynda hyzmatdaşlyk Geňeşine ýolbaşçylyk eder

Indiki ýyl Gazagystan tarapy GDA döwletleriniň bilim pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň başlygy bolar. Bu barada Gazagystanyň Bilim we ylym ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Gazagystan 2022-nji ýylda GDA döwletleriniň bilim pudagynda hyzmatdaşlyk Geňeşine başlyklyk eder. Şeýle-de, ýurtda GDA agza ýurtlaryň mugallymlarynyň we bilim işgärleriniň VII gurultaýy geçiriler” – diýlip, habarda aýdylýar.

Edaranyň maglumatlary boýunça, şeýle karar Geňeşiň Ermenistanda geçirilen mejlisinde kabul edilipdi. “Mejlisde 19 mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Geňeş agza ýurtlaryň bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy boýunça döwletara maksatnamalary we meýilnamalary tassyklady. Indi döwletler okuwçylar we ylmy-pedagogik işgärler bilen alyş-çalyş etmek ugrundaky işleri güýçlendirer, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňelder, bilim pudagynda özara gatnaşyk etmek boýunça döwletara maksatnamalary baglaşar” – diýip, Ministrligiň bilim we ylym pudagynda hili üpjün etmek boýunça komitetiniň başlygy Gulzat Kobenowa aýtdy.

Metbugat gullugy respublikada meýilleşdirilen GDA ýurtlarynyň mugallymlarynyň we bilim işgärleriniň gurultaýynda mowzugyň täze hakykat we pandemiýadan soňky döwürde bilim prosesini özgertmek boljakdygyny belledi.

2022-nji ýylda GDA-da başlyklyk Belarusdan Gazagystana geçer.