Waltteri Bottas Türkiýäniň «Formula - 1» Gran-prisinde ýeňiji boldy

Waltteri Bottas Türkiýäniň «Formula - 1» Gran-prisinde ýeňiji boldy

“Mersedes” toparynyň finlýandiýaly sürüjisi Waltteri Bottas “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 16-njy tapgyry bolan Türkiýäniň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Stambuldaky “Istanbul park” awtodromynda geçirildi. Ikinji orny “Red Bulldan” Maks Ferstappen eýeledi. Üçünji bolup pellehana onuň topardaşy meksikaly Serhio Peres geldi. 

Ýedi gezek we häzirki dünýä çempiony britaniýaly Lýuis Hemilton (“Mersedes”) bäşinji orny eýeledi. Ol saýlama tapgyrda iň gowy netijäni görkezdi, ýöne ondan öň tehniki düzgünleri bozandygy üçin, start gözeneginde on ýer jerime salyndy. Netijede, poul-pozişnden Bottas badalga aldy.

Türkiýedäki ýaryşyň jemi Ferstappene umumy sanawda birinji orna gelmäge mümkinçilik berdi, onuň hasabynda indi 262,5 bal bar. Hemilton ikinji orna düşdi (256,5). Üçünji orunda bolsa Bottas (176) ýerleşýär. Konstruktorlaryň kubogynda “Mersedes” liderlik edýär (433,5), onuň yzyndan “Red Bull” (397,5) we “Maklaren” (240) gelýär.

“Formula-1” çempionatynyň indiki tapgyry 22 – 24-nji oktýabrda ABŞ-da geçiriler.