Türkmenistan we Russiýa ykdysady hyzmatdaşlygyň täze maksatnamasyny kabul etdi

Türkmenistan we Russiýa ykdysady hyzmatdaşlygyň täze maksatnamasyny kabul etdi

7-nji oktýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Toparyň türkmen bölegine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk dostlukly ýurduň uly wekiliýetine ýolbaşçylyk edýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we onuň kuwwatyny artdyrmagyň ýollary, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri duşuşygyň esasy meseleleri boldy. Toparyň başlyklary gün tertibine girizilen meselelere garamaga geçip, soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan döwletara gatnaşyklaryň barha ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa ulgamy, gazhimiýa senagaty, geologiýa, gurluşyk, maliýe-bank ulgamlary we birnäçe beýleki pudaklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Taraplaryň senagat kuwwatyny nazara almak bilen, şol sanda daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň sanawyny giňeltmegiň hasabyna hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar. Myhmanlar Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, birnäçe anyk teklipleri öňe sürdüler.

Mejlisiň jemleri boýunça “Türkmenistanyň Hökümetiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin üçin Maksatnamasyna” gol çekildi. Ol döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirip, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge ýardam eder.

Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi.