iPhone 13 tanyşdyrylandan soň Apple-iň paýnamalary pese gaçdy

iPhone 13 tanyşdyrylandan soň Apple-iň paýnamalary pese gaçdy

Apple amerikan kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy täze önümleriň, şol sanda iPhone 13-iň tanyşdyrylyşyndan soň pese gaçyş depginini birneme tizleşdirdi. Muny Nýu-Ýorkuň fond biržasynyň maglumatlary delillendirýär diýip, TASS habar berýär.

Ýagny, kompaniýanyň paýnamalary 1,36% pese gaçdy. Bir paýnamanyň bahasy söwdanyň açylan wagtynda 150,35 dollardan 147,51 dollara çenli arzanlady. Paýnamalaryň arzanlap başlamagy tanyşdyrylyş dabarasynyň başyna gabat geldi. Tanyşdyrylyşdan öň baha ortaça 0,7% pese düşüp, 148,6 dollar bolupdy.

Sişenbe güni Apple kompaniýasy täze iPhone 13, iPhone 13 mini, iPhone 13 Pro we iPhone 13 Pro Max smartfonlaryny, A13 Bionic prosessorly täze iPad-y, iPad Mini-ni we retina displeýli hem-de kiçeldilen çarçuwaly Apple Watch Series 7 akylly sagatlarynyň täze neslini hödürledi. 

1976-njy ýylda esaslandyrylan Apple şahsy we planşet kompýuterlerini, audiopleýerleri, telefonlary, “akylly” sagatlary we programma üpjünçiligini öndürmek bilen meşgullanýar.