Türkmen media wekilleri KHBS boýunça sebitleýin duşuşyga gatnaşdylar

Türkmen media wekilleri KHBS boýunça sebitleýin duşuşyga gatnaşdylar

9-10-njy sentýabrda Daşkent şäherinde onlaýn hem-de ýüzbe-ýüz görnüşde ÝHHG-niň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin her ýyl geçirilýän Merkezi Aziýa boýunça 23-nji maslahaty geçirildi. Merkezi Aziýanyň media ulgamynyň wekilleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň hem-de ýurduň garaşsyz habarlar agentlikleriniň hünärmenleri hem maslahata wideoaragatnaşyk arkaly işjeň gatnaşdylar.

«Merkezi Aziýada KHBS-leriň jemgyýetçilik ähmiýetiniň ýokarlandyrylmagy» atly tema boýunça geçirilen duşuşyga Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Mongoliýadan Hökümete, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, raýat jemgyýetine hem-de ylmy bileleşige wekilçilik edýän wekilleriň 70-e  golaýy gatnaşdylar. 

Onda ahlak ülňüleriniň we auditoriýa bilen özara hereket etmegiň nukdaýnazaryndan, jemgyýetçilik habar berlişiniň häzirki gymmatlyklary, mazmun we strategik meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.