Apple goşa ekranly «MacBook» oýlap tapdy

Apple goşa ekranly «MacBook» oýlap tapdy

Internet torunda Apple-iň täze oýlap tapyşy barada ABŞ-nyň patent we söwda belligi edarasy tarapyndan tassyklanan maglumat peýda boldy. Bu ýerde gürrüň birbada iki ekran bilen enjamlaşdyrylan noutbuk hakda barýar diýip, digger.ru habar berýär.

Täze oýlap tapylan noutbugyň ekranlarynyň biri wirtual klawiatura hökmünde çykyş edýär diýip, 9to5Mac ýazýar. Hut şol ekran adaty klawiaturanyň ornuny tutar we ol IPhone-a simsiz zarýad bermek ukybyny hem özünde jemlär.

Täze patent Apple-iň ýakyn wagtda “MacBook Pro”-da “Touch Bar” sensor panelinden ýüz öwürjekdigi baradaky myş-myşlar bilen baglylykda, aýratyn gyzyklanma döredýär. Ýöne kompaniýa duýgur dolandyryşly kiçi meýdançadan - taç-paddan dynjak bolýan bolsa, onda ekran bilen deň ululykdaky täze paneliň peýda bolmagy kän bir heňe gelip barmaýan ýaly görünýär diýip, çeşme belleýär.

Her niçigem bolsa, bu heniz bary-ýogy patent we kompaniýanyň şeýle noutbugy ýene näçe wagtdan çykarjagy entek belli däl. Mundan başga-da, Apple-iň bu enjamy durmuşa geçirmek pikirinden ýüz öwürmegi-de gaty ähtimal.