Ilon Mask Tesla-nyň 2022-nji ýylda antropomorf robotyň prototipini hödürlejekdigini aýtdy

Ilon Mask Tesla-nyň 2022-nji ýylda antropomorf robotyň prototipini hödürlejekdigini aýtdy

Tesla kompaniýasy 2022-nji ýylda Tesla Bot antropomorf robotynyň prototipini hödürlemäge taýýarlanýar. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask korporatiw konferensiýasynda aýtdy. 

Maskyň aýtmagyna görä, adam boýy bilen deň (172 sm töweregi) we agramy 56 kg töweregi bolan robotyň prototipi emeli intellekt ulgamy, şeýle-de Tesla tarapyndan öndürilýän elektromobillerde ulanylýan datçikler toplumy bilen üpjün ediler. Bu barada TASS belleýär.

“Eger pikir edip görseň, Tesla-ny eýýäm häzirden dünýäde iň uly robot öndürijisi diýip atlandyrmak mümkin, sebäbi biziň ulaglarymyz tekerli ýarym akylly robotlary ýada salýar” – diýmek bilen, Mask kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülýän tehnologiýalara “adama meňzeş sypaty bermegiň dogry boljakdygyny” belledi.

Tesla Bot-uň prototipi ýeňil materiallardan ýygnalar. Ýüzüň deregine robot peýdaly maglumatlary görkezjek monitor bilen üpjün ediler. 40 töweregi hereketlendiriji mehanizmiň kömegi bilen robot sagatda, takmynan, 8 km tizlik bilen ýöräp, agramy 20 kg çenli bolan zatlary göterip biler.

“Ol dostlukly bolar” – diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy aýdýar. Ol, ilkinji nobatda, Tesla Bot-uň “kyn we ýürekgysgynç işleri” ýerine ýetirmek üçin niýetlenjekdigini we hatda söwda etmäge-de gidip biljekdigini belledi. Maskyň aýtmagyna görä, robotyň prototipi “indiki ýylyň dowamynda” hödürlener.