Türkmenistan Türkiýeden himiýa önümleriniň importyny artdyrýar

Türkmenistan Türkiýeden himiýa önümleriniň importyny artdyrýar

2021-nji ýylyň ýanwar – iýun aýlarynda Türkiýeden Türkmenistana himiýa önümleriniň eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 22 % — 63,782 million dollara çenli ýokarlandy. Bu barada Trend Türkiýäniň söwda ministrligine salgylanyp habar berýär.

Iýun aýynda Türkiýeden Türkmenistana himiýa önümleriniň eksporty 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 34,5 göterim – 14,015 million dollara çenli ýokarlandy.

Belläp geçsek, Türkiýe 2021-nji ýylyň ýanwar – iýun aýlarynda himiýa önümleriniň eksportyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 40,1 göterim – 11,963 milliard dollara çenli artdyrdy.

Iýun aýynda Türkiýe 2,37 milliard dollarlyk himiýa önümlerini eksport etdi, bu bolsa 2020-nji ýylyň degişli aýynyň görkezijisinden 66,6 göterim köpdür.

Soňky 12 aýda (2020-nji ýylyň iýun aýy – 2021-nji ýylyň iýun aýy) Türkiýäniň himiýa önümleriniň eksporty 21,683 milliard dollara barabar boldy.