Toyota Ýaponiýadaky alyjylaryna täze Land Cruiser-lerini alyp satmagy gadagan eder

Toyota Ýaponiýadaky alyjylaryna täze Land Cruiser-lerini alyp satmagy gadagan eder

Toyota kompaniýasy täze Land Cruiser kysymly ulaglaryň Ýaponiýadaky alyjylaryny alyp-satmazlyk baradaky borçnama gol çekmäge mejbur eder. Bu barada mag.auto.ru habar berdi.

"Creative311" neşiri muny şu iki çaklamanyň biri bilen baglanyşdyrýar: ýa-ha Toyota bu awtoulaglaryň öňýeteniň eline düşmegini islemeýär, ýa-da şeýtmek bilen onuň ikinji bazardaky bahasynyň ýokarlanmagyndan we awtoulag ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyndan gaça durýar.
Netijede, “Toyota Land Cruiser”-iň ýapon alyjylary bu ulagyň eksport ýa-da alyp-satmak üçin satyn alynmaýandygyny tassyklaýan resminama gol çekerler. Neşiriň pikiriçe, bu borçnamanyň bozulmagy maliýe jogapkärçiligine ýa-da şol müşderä mundan beýläk hyzmat etmekden ýüz öwrülmegine getirip biler. Resminamanyň hereket ediş möhletiniň görkezilmeýändigi bellärliklidir.