Tokio-2020: türgenlere örtüklerini 30 sekuntlyk ​​çykarmaga rugsat berildi

Tokio-2020: türgenlere örtüklerini 30 sekuntlyk ​​çykarmaga rugsat berildi

Tokiodaky tomusky Olimpiýa oýunlaryndaky türgenler baýrak gowşurylyş dabarasynda münberde surata düşmek üçin maskalaryny wagtlaýyn aýryp bilerler. Degişli teswirnama ýekşenbe güni Halkara Olimpiýa komiteti (IOC) tarapyndan tassyklandy diýlip, guramanyň web sahypasynda aýdylýar.

Bu resminama laýyklykda, milli gimnler ýerine ýetirilenden soň geçirilýän dabarada türgenler agyz-burun örtüklerini 30 sekuntlyk ​​çykaryp bilerler. Munuň üçin olara aýratyn yşarat berler. Şol bir wagtyň özünde, her bir türgen hökmany suratda münberdäki öz basgançagynda galmaly bolar. Medallar bilen surata düşenlerinden soň, olar ýene-de agyz-burun örtüklerini ​​dakynmaly bolarlar.
Şeýle hem, Halkara olimpiýa komiteti kümüş we bürünç medal gazananlara ýeňiji bilen bile surata düşmek üçin münberiň ýokarsyna çykmaga rugsat berdi. Ýöne şonda ähli türgenleriň maskada bolmagy hökmany diýlip kesgitlenildi.
Mundan başga-da, öň Halkara olimpiýa komiteti sportçulara koronawirusyň öňüni almak üçin şahsy çäreleri görmelidigini ýatladypdy. Hususan-da, muňa guramaçylaryň talap edýän ýerlerinde maska ​​geýmek düzgüni degişlidir. Maska geýmegiň zerurlygy baradaky sorag Oýunlaryň anna güni geçirilen açylyş dabarasynda milli ýygyndylaryň ýörişinde birnäçe sportçynyň bu talaby ýerine ýetirmändigi sebäpli ýene-de ýüze çykdy.
Tokioda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň 8-nji awgustda tamamlanjakdygyny ýatladýarys.