Riçard Karapas toparlaýyn şosse ýaryşynda altyn medal gazandy

Riçard Karapas toparlaýyn şosse ýaryşynda altyn medal gazandy

Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda welosport boýunça ilkinji medal toplumy oýnaldy – erkekler toparlaýyn şosse ýaryşynda bäsleşdiler. Welosport boýunça ilkinji olimpiýa ýaryşynda ekwadoriýaly Riçard Karapas ýeňiji boldy. Ol bu ýaryşda 235 kilometr aralygy 6 sagat 5 minut 26 sekuntda geçdi. Kümüş medaly Belgiýadan türgen Wout wan Art aldy. Sloweniýaly Tadeý Pogaçar bürünç medala mynasyp boldy.
Oýunlaryň ikinji gününde zenanlaryň arasynda toparlaýyn ýaryşyň finaly geçiriler. Erkekleriň we zenanlaryň arasynda aýry ýaryşlar 28-nji iýulda bolar.