Ikinji dogluş: Budapeştde doganlar Lýumýeriň filmleri sanlylaşdyryldy

Ikinji dogluş: Budapeştde doganlar Lýumýeriň filmleri sanlylaşdyryldy

Budapeştde 1896-njy ýylda doganlar Lýumýeriň kompaniýasy tarapyndan Wengriýada surata düşürilen wideolar sanlylaşdyryldy. Original plýonkalar Fransiýa tarapyndan berildi. Materiallaryň biziň günlerimize çenli saklanyp galmagy geň galdyryjydyr. Üstesine-de, plýonkalar örän gowy ýagdaýda saklanypdyr. Wengriýanyň Milli kino instituty bu taslamany “taryhy” diýip atlandyrdy. Bu barada Euronews habar berýär.

Milli kino institutynyň müdiri Dwerd Raduý şeýle belleýär: “Filmler surata düşürilenden bäri 125 ýyl geçdi. Häzir bolsa bu original materiallar ilkinji gezek Wengriýa geldi. Bu plýonkalar bilen doganlar Lýumýeriň kompaniýasynyň operatorlary işleşdiler. Bu adamlar Budapeştdäki köçe sahnalaryny, şäheriň gözel ýerlerini surata düşürdiler”.
Kino plýonkasyndaky şekili sanly wideo faýllaryna öwürmek üçin bahasy, takmynan, bir million ýewro bolan enjam ulanyldy. Netije haýran galdyryjy boldy: başlangyç kadrlar 4K hilli diýen ýaly. Ozal, geçenden öňki asyrda düşürilen sahnalary diňe pes hilli nusgalarda görmek bolýardy. 
Ýakyn wagtda original kino plýonkalar Fransiýa yzyna gaýtarylar, ýöne isleg bildirýänler indi düşürilen wideolaryň täzelenen görnüşi bilen tanşyp bilerler. 
Euronews-iň habarçysy Adam Madýar: “Sanlaşdyrylan wideony ilkinji gezek Budapeştdäki Lýudwig muzeýine gelenler görüp bilerler. Wengriýanyň kino taryhy baradaky sergi bu ýerde 28-nji iýuldan açylar” – diýip belleýär.