Türkmenistanda howa ýene gyzyp başlaýar

Türkmenistanda howa ýene gyzyp başlaýar

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 19-njy iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 729 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Balkan welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +27° maýyl, gündizine +36... +41° yssy, kenarýaka etraplarynda +31... +36° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +34... +36°, basyşy 746 mm, çyglylygy 35 — 55 %.
Awazada: howa +33... +35°, basyşy 752 mm, çyglylygy 30 — 50 %.
Balkanabat şäherinde: howa +39... +41°, basyşy 751 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Ahal welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +28° maýyl, gündizine +36... +41° yssy bolar.
Änew şäherinde: howa +39... +41°, basyşy 732 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Tejen şäherinde: howa +38... +40°, basyşy 738 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Mary welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +26° maýyl, gündizine +36... +41° yssy bolar.
Mary şäherinde: howa +38... +40°, basyşy 731 mm, çyglylygy 5 — 25 %.
Baýramaly şäherinde: howa +39... +41°, basyşy 730 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Lebap welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +25° maýyl, gündizine +35... +40° yssy bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +37... +39°, basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Kerki şäherinde: howa +38... +40°, basyşy 729 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +26° maýyl, gündizine +36... +41° yssy bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +38... +40°, basyşy 745 mm, çyglylygy 15 — 35 %.
Köneürgenç şäherinde: howa +37... +39°, basyşy 746 mm, çyglylygy 20 — 40 %.