Hytaý kompaniýasyna Türkmenistanda doly tamamlanmadyk 3 sany gaz guýusynyň gurluşygy ynanyldy

Hytaý kompaniýasyna Türkmenistanda doly tamamlanmadyk 3 sany gaz guýusynyň gurluşygy ynanyldy

“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň gaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de tebigy gazyň çykarylyşyny we daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 29-njy dekabrynda çykaran 10747-nji Kararyna laýyklykda, Birleşen Arap Emirlikleriniň “Gulf Oil & Gas FZE” kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasy boýunça gurluşyk işlerine başlanyp, doly tamamlanmadyk 3 sany gaz guýusynyň gurluşygyny tamamlamak we olary önümçilige girizmek barada Hytaý Halk Respublikasynyň “СNPС Сhuanqing Drilling Engineering Сompany Limited” kompaniýasy bilen şertnamany işleri 30 aýyň dowamynda ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.