Wýetnam oktýabrdan günorta Fukuok adasynda daşary ýurtly syýahatçylary kabul edip başlamagy meýilleşdirýär

Wýetnam oktýabrdan günorta Fukuok adasynda daşary ýurtly syýahatçylary kabul edip başlamagy meýilleşdirýär

Wýetnam günorta Fukuok adasynda daşary ýurtly syýahatçylary kabul edip başlamagy meýilleşdirýär. Respublikanyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrligi sanjym pasportlary bolan daşary ýurtlular üçin adany eýýäm şu ýylyň oktýabr aýyndan açmagy we geljek ýarym ýylda Fukuokda 40 müňe golaý daşary ýurtly myhmany kabul etmekçi bolýar diýip, “Saigon Giai Phong” gazeti habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Ministrlikde bellenilişi ýaly, syýahatçylar Fukuoga adanyň syýahatçylyk pudagyny dikeltmek boýunça synag taslamasynyň çäginde baryp bilýärler. Başlangyç tapgyrda ol ýerde aýda 3 müňe çenli daşary ýurtly myhmany kabul etmek meýilleşdirilýär, eger-de epidemiologiki ýagdaý oňyn bolsa, onda Fukuok adasynda dynç alýanlaryň sanyny aýda 5 müň adama çenli artdyrmaga rugsat berler.
Öň, adanyň häkimiýetleriniň sentýabr aýynyň ahyryna çenli, takmynan, 220 müň adam bolan ýerli ilata koronawirusa garşy sanjym etmekçidigi habar berildi. Şondan soň, Fukuok syýahatçylaryň hereketini diňe ada bilen çäklendirýän “ýapyk syýahatçylyk modeli” shemasy boýunça myhmanlar üçin açyk bolar.
Soňky birnäçe ýylyň içinde Fukuok meşhur we isleg bildirilýän halkara derejesindäki dynç alyş ýerine öwrüldi. 2019-njy ýylda Fukuok adasyna ýarym milliondan gowrak syýahatçy bardy.