R.Meredow Daşkentde Merkezi Aziýa Halkara institutynyň açylyşyna gatnaşdy

R.Meredow Daşkentde Merkezi Aziýa Halkara institutynyň açylyşyna gatnaşdy

15-nji iýulda «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Wehimler we mümkinçilikler» atly ýokary derejedäki halkara maslahatynyň çäklerinde Merkezi Aziýa Halkara institutynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu institut Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlangyjy boýunça döredildi diýip, GDA-nyň internet portaly habar berdi.

Açylyş dabarasyna Özbegistanyň Mejlisiniň başlygy Tanzila Narbaýewa, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Gazagystanyň wise-premýer-ministri, daşary işler ministri Muhtar Tleuberi, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary — ykdysadyýet we maliýe ministri Akylbek Japarow, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Abdulaziz Kamilow, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri gatnaşdy.
GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew, ŞHG-niň Baş sekretary Wladimir Norow we beýlekiler dabaranyň hormatly myhmanlary boldular.

Dabara şeýle hem halkara bilermenleri we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynda Senatyň Başlygy Tanzila Narbaýewa Prezident Şawkat Mirziýoýewiň dabara gatnaşyjylara iberen ýüzlenmesini okady.
Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, Institutyň döredilmegi döwrüň, sebit ösüşiniň we taryhy pursatyň zerurlygydyr. Munuň özi Özbegistanyň sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga bolan ugruny dowam etdirmeginiň nobatdaky tassyklamasydyr.