Yragyň iýun aýynda nebit eksportundan gazanan girdejisi 6 mlrd dollar boldy

Yragyň iýun aýynda nebit eksportundan gazanan girdejisi 6 mlrd dollar boldy

Yrak iýun aýynda nebiti eksport etmekden 6 mlrd dollardan gowrak girdeji gazandy. Bu barada ýurduň nebit ministrliginiň deslapky hasabatynda aýdylýar diýip, Yragyň habarlar agentligi INA habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Bagdat geçen aýda daşary ýurda 86 mln barrelden gowrak nebit satdy (günde 2,892 mln barrel), ýurduň girdejisi bolsa 6,141 mlrd dollar boldy. S&P Global mediaholdinginiň maglumatlaryna görä, maý aýynda OPEK-de ululygy boýunça ikinji öndüriji bolan Yragyň eksporty aprel aýyndaky bir günde 3,337 mln barrelden bir günde 3,291 mln barrele çenli peseldi. 1-nji aprelde Yragyň parlamenti günde 3,25 mln barrel möçberinde garaşylýan eksportda nebitiň bahasyny 45 dollar derejesinde kesgitleýän federal býujet taslamasyny kabul etdi.
Mart aýynda Yragyň nebit ministri Ihsan Abdel Jaberiň aýtmagyna görä, hökümet Mejnun, Zubeýr we Rumeýla nebit ýataklarynda önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň hasabyna 2029-njy ýyla çenli nebit önümçiligini günde 8 mln barrele çenli ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.