Serdar Berdimuhamedow bilen Wan I tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar

Serdar Berdimuhamedow bilen Wan I tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar

Türkmenistanda resmi saparda bolýan HHR-niň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Wan I Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen hem duşuşdy. Taraplar tebigy gaz we çig mala bagly bolmadyk pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

HHR-niň DIM-niň internet saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň çäklerinde taraplar COVID-19  ýokajyna garşy hytaý sanjymlaryny Türkmenistana getirmek hem-de bilelikdäki medeni merkezleri döretmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, hyzmatdaşlygyň geljekki bäş ýyllyk meýilnamasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtadylar.  
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidenti 11-nji iýulda degişli Karara gol çekip, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň düzümini tassyklady.