Bolonýanyň portikleri ÝUNESKO-nyň Mirasyna girip biler

Bolonýanyň portikleri ÝUNESKO-nyň Mirasyna girip biler

Şu hepdäniň ahyrynda Hytaýda bir ýyllyk arakesmeden soň ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň sessiýasy geçiriler. Täze ýylda ÝUNESKO-nyň Mirasy adyna dalaşgärleriň arasynda Bolonýanyň portikleri, ýagny şäherde XI asyrda gurlup başlanan, XIII asyrda bolsa şäher peýzažynyň möhüm elementine öwrülen üsti ýapyk galereýalar hem bar. Häzirki wagtda olaryň uzynlygy Bolonýada 60 km-den gowrak diýip, ru.euronews.com habar berýär.

Portikler üstki örtügi sütünlere daýanýan galereýa diýmegi aňladýar.

“Portikler resmi taýdan hususy eýeçilige degişlidigine garamazdan, halk köpçüliginiň gezelenç etmegi üçin guruldy. Kanun boýunça, her bir hususy öýüň portikleri bolmalydy, ýöne pyýada zolagynyň özi binanyň eýesine degişli däldi. Şol bir wagtyň özünde binanyň eýesi onuň arassaçylygyna, portigiň ýagdaýyna gözegçilik etmäge borçludy. Bu häzir hem şeýle bolmagynda galýar” – diýip, taryhçy, ekskursiýa ýolbaşçysy Ýelena Bonezi belleýär.

Bolonýa Italiýada iň köp portikli şäher hasaplanylýar. Üsti ýapyk galereýalaryň umumy uzynlygy 62 km bolup, olaryň 42 km-i taryhy merkezde ýerleşýär. Günbatar dünýäsinde ilkinji uniwersitet esaslandyrylanda, şähere Ýewropanyň ähli ýerinden talyplar we professorlar gelip başlaýar, netijede gurluşygyň ösmegine sebäp bolan täze ýaşaýyş jaýlary, dükanlar gerek bolýar. 1258-nji ýylda ähli täze öýleriň portikler bilen gurulmalydygyny we geçelgäni hemmeler üçin açyk goýmalydygyny görkezýän şäher kanuny çykarylýar. 
ÝUNESKO-nyň Mirasy şäheriň taryhy merkezindäki iň meşhur we iň gadymy 12 portik bolup biler. Bolonýa 2006-njy ýyldan bäri öz dalaşgärligine seredilmegine garaşýar.