Ýanwar-iýun aýlary: jemi içerki önüm 6,1 göterim artdy

Ýanwar-iýun aýlary: jemi içerki önüm 6,1 göterim artdy

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň geçen 6 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde esasy makroykdysady görkezijiler barada hasabat berildi. Oňa laýyklykda, 2021-nji ýylyň birinji alty aýynda jemi içerki önümiň 6,1 göterim artyp, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň 5,2 göterim ýokarlanandygy habar berildi.

Şeýle hem ýanwar-iýun aýlarynda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy 17,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa, 3,5 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim köpeldi. Şeýle-de mejlisiň dowamynda Türkmenistany 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.