Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna täze desgalaryň ýene 22-si açylar

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna täze desgalaryň ýene 22-si açylar

Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýolbaşçylyk eden düzümlerinde geçen alty aýda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berip, Türkmenistanyň çäginde Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli gurlup, ulanylmaga beriljek desgalar barada giňişleýin maglumatlary ýetirdi.

Ýakyn wagtlarda Türkmenistanyň dürli künjeklerinde, ine, şu täze desgalaryň gurluşyklary tamamlanyp, halkyň hyzmatyna berler:

  • Aşgabat şäherinde Söwda we dynç-alyş, işewürlik merkezleri hem-de ýaşaýyş jaýlary, “Garagum” köpugurly işewürlik merkezli myhmanhana, A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda ýerasty geçelgeler, paýtagtymyzyň günorta künjeginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we beýleki desgalar,
  • Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dokma toplumy, Babadaýhan etrabynda tikinçilik önümlerini öndürýän toplumy, “Aşgabat-Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen bölegi, Änew şäherinde, Ak bugdaý, Tejen, Babadaýhan etraplarynda umumybilim berýän mekdepler,
  • Balkanabat şäherinde 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň binalary, Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahana, 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasy,
  • Daşoguz welaýatynda 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasy hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýy, Daşoguz şäherinde birnäçe döwrebap ýaşaýyş jaýlary, Gubadag etrabynda bolsa haly önümler kärhanasy,
  • Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda häzirki zaman gazturbinaly elektrik stansiýasy, Saýat etrabynyň çäklerinde umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-si.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlisiň dowamynda şanly seneler mynasybeli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletde tamamlanmagy we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanylmalydygy barada anyk tabşyryklary berdi.