Ukrainaly Dmitriý Şlapaçenko BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy boldy

Ukrainaly Dmitriý Şlapaçenko BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy boldy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş ýurduň Hökümetiniň tassyklamagy bilen ukrainaly Dmitriý Şlapaçenkony BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine belledi. Bu barada guramanyň un.org internet saýtynda habar berilýär.

Dmitriý Şlapaçenkonyň diplomatiýa, halkara gatnaşyklary, syýasy we durmuş-ykdysady meseleler, ösüşi utgaşdyrmak, parahatçylyk gurujylyk we strategik meýilleşdiriş işi boýunça 25 ýyllyk tejribesi bar. Ol soňky ýyllarda BMG-niň düzüminde Afrika sebiti üçin toparynyň hem-de BMG-niň geçiş döwründe Sudana kömek bermek boýunça (ÝUNITAMS) missiýasynyň ýolbaşçysy wezipelerinde işledi. Diplomat Yrakda, Kosowada, Nýu-Ýorkda, Somalide Täjigistanda we Wenada hem ýolbaşçy wezipeleri eýeledi.
Milletler Bileleşiginiň ulgamyna gelmezden ozal, Şlapaçenko ABŞ-nyň Parahatçylyk korpusynda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda işledi. Ol Ukrainada halkara gatnaşyklar boýunça ýazyjylyk işini hem alyp bardy. Türkmenistanda täze bellenilen wekil halkara žurnalistikasy boýunça dünýäniň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň alymlyk derejeleriniň-de eýesidir.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň ahyrynda BMG-niň Türkmenistandaky ozalky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipe möhleti tamamlanandan soňra, onuň wezipesini häzirki güne çenli BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Kristina Weýgand ýerine ýetirdi.