Eýranda koronawirusa garşy «Nura» sanjymy görkezildi

Eýranda koronawirusa garşy «Nura» sanjymy görkezildi

Golaýda Eýranda Bagiatolla lukmançylyk ylymlary uniwersiteti tarapyndan döredilen koronawirusa garşy «Nura» şahsy sanjymy görkezildi. Oňa Eýranyň saglygy goraýyş ministri Said Namaki we general Hosseýn Salami gatnaşdy. Bu barada IRNA agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp, trend.az habar berýär.

Ýurtda Bagiatolla hassahanasynyň barlaglar merkeziniň we Ymam Hosseýn uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan döredilen «Nura» sanjymynyň kliniki synaglary başlandy. Eýran «Nura» sanjymyndan başga-da, «Kow Iran Barakat», «Fahra» we «Pasto Kowak» ýaly öz sanjymlaryny hem öndürýär.