BSGG Günorta Afrika Respublikasynda sanjymlary öndürmek boýunça tehnologiýalar merkezini açýar

BSGG Günorta Afrika Respublikasynda sanjymlary öndürmek boýunça tehnologiýalar merkezini açýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Günorta Afrika Respublikasynda koronawirusa garşy sanjymlary öndürmek boýunça tehnologiýalar merkezini açmak barada kompaniýanyň konsorsiumy bilen gepleşiklere başlady. Bu barada BSGG-niň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreisusyň sözlerine salgylanyp, ria.ru habar berýär.

«Men BSGG-niň Günorta Afrikada tehnologiýalary geçirmek boýunça merkezi açmak barada kompaniýanyň konsorsiumy we edaralar bilen gepleşikleri geçirýändigini habar bermäge şatdyryn. Bu konsorsiumda мРНК sanjymlaryny öndürýän hem-de Biovac kompaniýasyna okuwlary geçmek arkaly iş alyp barjak merkez hökmünde Afrigen Biologics & Vaccines kompaniýasy çykyş eder. Soňlugy bilen bu kompaniýa Afrikadaky we ondan uzakdaky ýurtlardaky beýleki önüm öndürijilere hem iş öwredip biler» diýip, BSGG-niň Baş direktory aýdýar. Şeýle hem ol häzirki wagtda guramanyň bu merkez üçin öz tehnologiýalaryny hödürlemek isläp gyzyklanma bildirýän başga-da birnäçe kompaniýalar bilen gepleşikleri geçirýändigini habar berdi.

Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa, öz gezeginde, bu başlangyja sanjymlary işläp taýýarlamak we öndürmek ulgamynda bar bolan mümkinçilikleri kämilleşdirmek boýunça tagallalary utgaşdyrmakda möhüm ädim hökmünde baha berdi.
Günorta Afrika Respublikasynda bu merkezi döretmek bilen bagly çözgüdi Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem goldady. Ol ozal bu ýurda sapary wagtynda-da Afrikanyň COVID-19 sanjymlaryny öndürmek boýunça kuwwatyny giňeltmek üçin tagallalary goldaýandygyny mälim edipdi.