Garyp ýurtlara ekologiýa abadançylygy üçin 100 milliard dollar bölünip berler

Garyp ýurtlara ekologiýa abadançylygy üçin 100 milliard dollar bölünip berler

Uly ýedilige girýän ýurtlar klimaty goramak üçin garyp ýurtlara 100 milliard dollar bölüp bermeli diýen karara geldiler. Ýurtlaryň ýolbaşçylary Kornwalldaky sammitde bu barada ylalaşdylar we gelnen netije jarnamada beýan edildi. Muny cursorinfo.co.il habar berdi.

Uly ýediligiň ýurtlarynyň bilelikde döwlet ýa-da hususy çeşmelerden ýylda 100 milliard dollar ýygnajakdygy bellendi. Maksatnamany 2025-nji ýyla çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Bu başlangyjyň kömegi bilen, uly ýediligiň ýurtlarynyň ýolbaşçylary klimatyň üýtgemegi meselesine has köp tagallalary birleşdirmäge umyt edýärler. Şeýle-de, olar beýleki ösen ýurtlary hem şeýle etmäge çagyrýarlar. Mundan başga-da, uly ýediligiň ýurtlary onýyllygyň ahyryna çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny 50 göterim azaltmakçy bolýandyklaryny hem mälim etdiler.