Hytaýda uly nebit gorlary tapyldy

Hytaýda uly nebit gorlary tapyldy

Hytaýyň nebit ägirdi CNPC ýurtda iň uly slanes nebit goruny tapdy diýip, Lenta.ru salgylanmak bilen Day.Az habar berýär.

Onuň göwrümi milliard tonna barabar. Täze nebit meýdanlary Gansu welaýatyndaky Ordos ýatagynda agtaryldy. Hytaý Gansu welaýatynyň Sinçen etrabynda slanes nebitini agtarmak we gazyp almak boýunça uly göwrümli işlere 2019-njy ýylda girişdi. 
Hünärmenleriň pikiriçe, bu tapyş HHR-iň nebit importuna garaşlylygynyň ösüşini bes etmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda Hytaý beýleki ýurtlardan import etmegiň hasabyna milli nebit sarp edilişiniň, takmynan, 70 göterimini üpjün edýär.
Slanes nebiti – bu nebitiň fraksion alnyşy talap edýän çökündi gaýalarda tapylan görnüşi. Has agyr mum görnüşli nebiti gazyp almak adaty nebiti gazyp almaklyga garanda, kyn we gymmat bolýar. Tehniki taýdan alynýan slanes nebit baýlyklarynyň dünýäde iň uly eýeleriniň arasynda ABŞ, Russiýa we Hytaý bar.