Ýewro-2020: Angliýa - Şotlandiýa we Horwatiýa - Çehiýa deňme-deň oýnady, Şwesiýa Slowakiýany ýeňdi

Ýewro-2020: Angliýa - Şotlandiýa we Horwatiýa - Çehiýa deňme-deň oýnady, Şwesiýa Slowakiýany ýeňdi

Ýewro-2020-niň ikinji tapgyrynda Şwesiýanyň milli ýygyndysy Slowakiýa bilen duşuşdy. Oýun Sankt-Peterburgdaky «Gazprom Arena» stadionynda geçirilip, şwesiýalylaryň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýeke-täk goly ýarymgoragçy Emil Forsberg 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.
E toparda şeýle hem Ispaniýa bilen Polşa çykyş edýär. Şwesiýa iki tapgyrda dört utuk toplap, toparynda birinji orunda ýerleşýär. Slowakiýa (3 utuk) - ikinji, Ispaniýa (1) - üçünji, Polşa (0) - dördünji.
D toparda Horwatiýanyň milli ýygyndysy Glazgodaky (Şotlandiýa) «Hempden Park» stadionynda Çehiýa bilen duşuşdy. Duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.
Hasaby Çehiýanyň hüjümçisi Patrik Şik 37-nji minutda 11 metrlik urgy bilen açdy, horwatiýalylardan Iwan Perişiç 47-nji minutda hasaby deňledi.
Bu topardan Angliýa we Şotlandiýa Londondaky «Uembli» stadionynda duşuşyp, 0:0 hasapda oýnadylar.

Toparda birinji we ikinji orny Angliýa bilen Çehiýa paýlaşýar. Olaryň hersinde 4 utuk bar. 3-nji tapgyrda olaryň özara duşuşygy bolar. Üçünji we dördünji orunlarda bir utuk toplan horwatiýalylar bilen şotlandiýalylar ýerleşýär.