Türkmenistan çäginde ýokary öndürijilikli kompýuter merkezlerini ýerleşdirmek mümkinçiliklerine garamaga taýýar

Türkmenistan çäginde ýokary öndürijilikli kompýuter merkezlerini ýerleşdirmek mümkinçiliklerine garamaga taýýar

Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) sanly ulgam arkaly geçirilen ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitinde eden çykyşynda guramanyň agzalary bolan ähli döwletler üçin hakyky netijeleri berer ýaly bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.

  • Birinjiden, düýpli ylmy ösdürmek, netijeli ylmy çözgütleri bilelikde gözlemek, örän möhüm bolan barlag işleriniň netijelerini, aýratyn-da, lukmançylyk we saglygy goraýyş babatda alyşmak üçin usullary döretmek boýunça gatnaşyklary ýola goýmaly.

Türkmen tarapynyň bu başlangyjy guramanyň ylym, tehnologiýalar we ylmy merkezleri döretmäge degişli innowasiýalar boýunça 2026-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryndan biri hökmünde kesgitlendi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, yslam dünýäsiniň umumy ylmy-tehnologik kuwwatyny döretmek üçin YHG-nyň Ylmy-barlaglar merkezleriniň ulgamyny emele getirmek barada barýar. Şonuň esasynda biziň ýurtlarymyzyň alymlar birleşiginiň içinde maglumatlary çalt hem-de utgaşdyryp alyşmak wezipesi durýar.

  • Ikinjiden, YHG-nyň giňişliginde suw, azyk we ekologiýa howpsuzlygynyň ýeke-täk konsepsiýasyny ýa-da esasy kadalaryny emele getirmek boýunça işleri güýçlendirmegi teklip edýäris.

Bu barada 2026-njy ýyla çenli ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynda anyk aýdylýar. Bu ileri tutulýan ugurda aýratyn konseptual resminamalaryň ýokdugy bize suw serişdeleri, möhüm azyk harytlary bilen barabar üpjünçilik hem-de şol bir wagtda howanyň üýtgemeginiň we ekologiýa heläkçiliginiň ýaramaz netijelerini ýeňip geçmek boýunça bar bolan çylşyrymly soraglary yzygiderli esasda çözmäge mümkinçilik bermeýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Türkmenistan häzirki ekologiýa howplaryna garşy halkara tagallalary birleşdirmäge we pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklamak bilen, ençeme anyk we gaýragoýulmasyz işleri teklip edýär. Hususan-da, ýurdumyz pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleri amala aşyrmaga, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda energetika ulgamynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde wodorody ösdürmekde «Ýol kartasyny» döretmäge gönükdirilen ählumumy strategiýany işläp taýýarlamaga girişmegiň zerurdygyny beýan etdi.

  • Üçünjiden, biz «uly maglumatlar» ulgamyny we howpsuz sanly ykdysadyýetiň bilelikdäki gurluşyny döretmek boýunça ozal kesgitlenen wezipeleriň ähmiýetini bellemek bilen, şu maksatlara ýetmekde üstünlikli işimizi üpjün edýän iki sany aýrylmaz meseläni aýratyn nygtaýarys diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Anyk aýdylanda, olar aýry-aýry ýurtlarda, uly sebitlerde ygtybarly fiziki üpjünçilik ulgamlaryny döretmek hem-de sebitara derejede musulman ýurtlarynyň üpjünçilik ulgamlarynyň goşulyşmagydyr. Şeýle hem Ylym we tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komitetiň teklip eden YHG gatnaşýan ýurtlaryň çäklerinde ýokary öndürijilikli kompýuter merkezleriniň binýadynda maglumatlaryň bitewi sanawlarynyň nusgalaryny döretmekdir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan şeýle merkezleri ýerleşdirmek we olaryň işlemegi üçin milli şertleri peýdalanmak boýunça mümkinçiliklere garamaga taýýardyr diýip, türkmen Lideri belledi.