ThyssenKrupp konserni Türkmenistandaky sement zawody üçin enjamlary getirer

ThyssenKrupp konserni Türkmenistandaky sement zawody üçin enjamlary getirer

ThyssenKrupp AG nemes senagat konserni Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky sement zawody üçin günlük kuwwaty 3000 tonna barabar bolan täze peç getirer.

Enjamlary «Lebap» sement zawodynyň ýyllyk kuwwaty 1 million tonna barabar bolan ikinji tapgyrynyň gurluşygyny alyp barýan «Turkmen Enjam» kompaniýasy berdi diýip, ORIENT habar berýär.
Şunuň bilen ugurdaş «Beýik-Bina» kompaniýasy Ahal welaýatynda şular ýaly sement zawodynyň şolar ýaly kuwwatlykdaky ikinji nobatdakysynyň gurluşygyny amala aşyrýar. Netijede, ýurt boýunça sement önümçiliginiň 2 million tonna çenli artmagyna garaşylýar.