Xiaomi smartfonlarynyň has geçginli modelleri anyklanyldy

Xiaomi smartfonlarynyň has geçginli modelleri anyklanyldy

Xiaomi ýyllyk uly arzanladyşyň dowamynda hytaý bazarynda ulanyjylaryň haýsy smartfonlaryň has köp satyn alýandygyny aýtdy. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, bahasy 780 dollardan 1560 dollara aralykda iň köp satyn alynýan smartfon Xiaomi Mi 11 Pro boldy. Şol bir wagtyň özünde, bahasy 470 dollardan 780 dollara çenli bolan Xiaomi smartfonlarynyň arasynda Xiaomi Mi 11 we Xiaomi Mi 10S modelleri has köp satyn alynýar diýlen netijä gelindi.
Ýaňy-ýakynda mart aýynyň ahyrynda anons edilen iň täze fitnes bilezigi Xiaomi Mi Band 6-nyň eýýäm 3 million gezek satyn alnandygy mälim boldy. Mundan başga-da, öndürijiniň ilkinji aýda bary-ýogy 1 million sany smartfon satandygyna garamazdan, şeýle gowy görkezijileri gazanmak başartdy. Munuň smartfonyň halkara satuwy bilen baglylykda şeýle bolan bolmagy-da mümkin diýip, çeşme belleýär.