Dynç alşa gitmek üçin haçan sanjym almaly?

Dynç alşa gitmek üçin haçan sanjym almaly?

«Sanjym üçin amatly wagt — dynç alyşdan bir aý öň» — diýip, Russiýanyň lukmançylyk klinikalarynyň biriniň baş lukmany Sergeý Dlin aýdýar. Bu barada ol «МИР 24» teleýaýlymyndaky söhbetdeşlikde gürrüň berip, bu möhletiň dynç alyşda adamlaryň rahatlygyny üpjün edip biljekdigini hem-de onuň immunitetini artykmaç agram berilmeginden gorajakdygyny aýtdy.

«Ikinji sanjymy dynç alşa gidilmeginden azyndan iki hepde öňünden almagy göz öňünde tutmaly. Dynç alşa gitmek üçin sanjym almagyň wagty azyndan bir aý öňünden bolmaly. Ikinji sanjymdan soň käbir çäklendirmeler güýje girýär. Wagt geçmeli we ondan soň adamda hiç bir çäklendirme bolman, goraglylygynyň üpjün edilendigi sebäpli ol psihologik taýdan hem özüne ynamly bolar» — diýip, lukman belleýär.

Şeýle hem ol, aýratyn-da, uly ýaşlylara we gaýtalanyp durýan keselli adamlara dynç alyşdan öňki sanjymlaryň edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, olaryň kesellemek töwekgelçiliginiň ýokarydygyny aýtdy. Sanjym döwründe adamyň bedeni antitela işläp çykarmaga ukyply bolmaly we şoňa görä-de, oňa köp agram düşmeli däl.
Sergeý Dliniň sözlerine görä:  «Dynç alyş hemişe fiziki agramyň ýokary bolmagy bilen häsiýetlendirilýär, çünki adamlar suwa düşýärler, daga gidýärler, Günüň aşagyndaky işjeňlik hem immunitete täsir edip, munuň özi dynç alyş döwründe goşmaça töwekgelçilik we oňaýsyzlyk döredýär». Lukman sanjymdan soňky 3-5 günüň dowamynda bedeniň sanjym edilen ýerine suw degirmezligiň we oňa fiziki agram bermezligiň zerurdygyny hem ýatladýar.