S.Berdimuhamedow Gazagystanyň premýer-ministri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

S.Berdimuhamedow Gazagystanyň premýer-ministri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

20-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, taraplar söwda gatnaşyklarynyň anyk ugurlaryny we görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ykdysady ulgamda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň takyk taslamalary boýunça gepleşikleriň geçirilmegi üçin iki ýurduň wekiliýetleriniň özara saparlarynyň guralmagy babatynda ylalaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplar hökümetara derejesindäki gatnaşyklaryň derwaýyslygyny nygtamak bilen, onuň yzygiderli alnyp barylmagyna taýýarlyklaryny beýan etdiler.