Dünýädäki iň uly aýsberg Antarktidadan bölünip aýryldy

Dünýädäki iň uly aýsberg Antarktidadan bölünip aýryldy

Ýakynda dünýädäki iň uly aýsberg Antarktidadan bölünip aýryldy. Ýewropanyň kosmos agentliginiň saýtyndaky maglumatlara görä, buz böleginiň meýdany, takmynan, 4320 inedördül kilometre ýetýär. Bu ispan adasy Maýorkadan birneme uludyr.

Alymlar A-76 diýlip atlandyrylýan aýsbergiň uzynlygynyň 170 kilometr, ininiň 25 kilometrdigini belleýärler. Ol Antarktidadaky Ronne buzlugynyň günbatar böleginden bölünip aýryldy we häzirki wagtda Ueddella deňzindedir. Ol Britaniýanyň antarktiki gullugy tarapyndan tapyldy we Copernicus Sentinel-1 missiýasynyň suratlaryny ulanyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Milli buz merkezi tarapyndan tassyklandy.
Ýatlap geçsek, 19-njy aprelde Ýuwaş ummanda adamzat taryhyndaky iň uly aýsberg A-68-iň erändigi belli boldy. Onuň dört ýyl ozal Antarktidadan bölünip aýrylan wagty meýdany 6 müň inedördül kilometrdi. Massasy bolsa 1 trln tonna deňdi.